Surat

Sag bol, türkmen!

Adam ýaly ýaşajakdyk,
ýurdumyzda, başymyz dik,
şärik bolman ogurlyga,
goşgy ýazman Lenin hakda,
jellat hakda nobatdaky,
şahyr hakda, şa hem baky.

Ýazylmadyk kanunlary,
ýazylanyn berjaý edip,
gerek bolsa watan üçin,
il-gün üçin urşa gidip,
gorap ejiz, ezileni,
çörek gözläp, çaşan akly,
ýaşajakdyk sütem bolmaz,
zorluk bolmaz diýip hakly,
ýok, bolmady, öňki ýetim,
soň bolşewik, ili çapan,
golda diýdi meni ýa-da
getirerin basym dada...

Ýaşdyk, il bar, arkamyzda
durar diýip, baş egmedik,
il baş egdi bize derek,
ýok, bulama günümizi,
bize dury asman gerek,
tapdy ýene kän gürrüňi,
ýa geplemän düşündirdi,
agzymyzy açyp galdyk,
ol sabyrly, kanagatly,
biz dargursak, gedem bolduk,
sag bol, türkmen, biljek däldik,
güljek däldik özümize,
ýada düşse otuz bäşde
aýdan ýürek sözümize,
gara gözüm, ilim diýip,
ýaş getirip gözümize...

Sag bol, durman yzymyzda,
sapaklaryň üçin beren,
gaty kän zat öwretdiň sen,
öwretdiň sen özgermegi,
seretmegi dünýä hemem
adamlara başga gözden,
üýtgetmegi pikir-oýy,
garaýyşy, güýlüp atan,
goý, sen çekin diýer diýip
watan satan ýurdun satan.

Sag bol, toýa, ýasa baryp,
güleni-de gördük çyndan,
aglany-da gördük çyndan,
ýöne gördük aralykda
durany-da, san-sajaksyz,
Alla diýip kiçi dilden,
oglan bolup galmagy däl,
ak sakgally, ar-namyssyz,
kaýyl, saýyl bolmagy däl,
başga ýoly görkezdiň sen,
goluň bermän, gorpa itdiň,
gitdiň, görmän ýykylany,
öýde gülüp gybat etdiň,
sag bol, kömek etdiň, açdyk
öz-özümiz, kynda bolsa,
açdyk seni, dünýäni-de,
din-imany, asyrlardan,
aňyrlardan gelýän ýalan,
hak, hakykat ady bilen,
güýç ýetenin çapan, talan,
alan alyp bilen zadyn,
ikiýüzli çarwalaryň,
açgözleriň doýup dargan,
ýollaryny gördük gaçyp,
allaryny gördük açyp,
sag bol, türkmen, aňsat däldi,
mejbur etdiň öwrenmäge,
düşünmäge, ykbal näme,
uzak, agyr dymanyňda,
belki, bolup bizden dana,
besdir bize göreş, ýaşa
bolsa gowy, gana-gana!

Oslo, 2022.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024