Arassa asman meselesi

| Goşgular

Şükür, asmanymyz arassa diýme,
Siriýa däl, Owganystan, Yrak däl,
ýa daş etsin, rus oky ýagmaýar,
diýme Palestina bolmasak bolýar,
dogry, eger biraz adalat bolsa,
kanunlar işlese, adamy adam...

Dowamy

Agyr iş

| Goşgular

Seniň eden işiň ondan birini,
neberesi bilen etmedik adam,
hapa gözlär gije-gündiz oturyp,
seni haýyn etmek islär iliňe,
ýa satylan pully wezipä, mala,
boýun alyp bilmez yza çekilmän...

Dowamy

Milli çukur

| Goşgular

Çukur, çukur, milli çukur,
tire-taýpa girdaby çuň,
ýykylana hezil edip,
gülüşýän kän jakyr-jukur,
bolaýdy-da, wah, boldu-la,
henizem az, hehe-hehe...

Dowamy

Çala tanşyň azgyrylsa birdenkä,
öz gözünden görüp, müňkür, gazaply,
ne ýaşyňy sylap, ne-de işiňi,
ýumruk salman, döwjek bolsa dişiňi,
aňsat ýaly ýigrenç bilen ýaşamak,
ýa-da köne tanyş, ýüzüňe gülüp...

Dowamy

Aşgabat hakykaty

| Goşgular

Ýeri, dykdyň näme agzyny iliň,
türme bilen, töhmet bilen gorkuzyp,
ýurt içinde, daşda bükülen bili,
aýdyp dur-a manat näme bolanyn,
ýa işsizler, ýüz däl, müň däl, ýüz müňläp,
ýurtdan çykan, gürlemesin, ýaşynsyn...

Dowamy

Duşman meselesi

| Goşgular

Eger duşman bilseň birini çyndan,
ýa-da biri duşman edinse seni,
hiç köşeşip bilmän, aslyşyp mydam,
elinden iş gelse ýa-da gelmese,
bardygyny, niýet-pälin ýatlatsa,
amatyny peýläp, gözleme pursat...

Dowamy

Ýeňlen duşman

| Goşgular

Ýeňilende garşydaşyň,
bir adam ýa topar bolup,
döwlet bolup kagyzdaky,
iş ýüzünde ogry-jümri,
diýjek bolup mamla däl sen,
bile-göre mamladygyň...

Dowamy

Surat

Sag bol, türkmen!

| Goşgular

Adam ýaly ýaşajakdyk,
ýurdumyzda, başymyz dik,
şärik bolman ogurlyga,
goşgy ýazman Lenin hakda,
jellat hakda nobatdaky,
şahyr hakda, şa hem baky.

Dowamy

Diletenta biri ýazypdyr, "...aga,
türkmen dilin gaty gowy bilýäňiz,
ulanýaňyz" diýip, ýüregi bilen,
başga birniň çykan zadyn ogurlan,
ak girse-de, aň girmedik diýleni,
diýmändir ýok, meniňki däl makala...

Dowamy

Olaryň elleri gowy ýaragly,
boýlary-da uzyn seňkiden gowy,
maşynlary gurat, döwlet adyndan,
kanunyň adyndan saklarlar seni,
ýöne senem bilýäň, olaram bilýär,
gep, mesele kanunda däl hiç haçan...

Dowamy


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024