Ar

Birleri açyk gorady,
Birleri gaçyp gorady,
Adyn gizläp, bukulyp,
Ýa-da sessiz, passiw goldaw berdiler,
Ýöne ýalançy kezzap
Köplük bolup goraldy
Watandan, ilden geçip,
Çünki ol bähbitli ýa-da amatly,
Düşewüntli boldy dorguçyllykdan;
Dürse näme diýseň, ýa töhmet atsaň,
Ursaň, sögseň, öýün ýyksaň birleşip,
Bolýan ýaly, ýa bolmaly zat ýaly,
Emma egrä bir söz diýjek bolup gör,
Gözüň näme görýär, nireden çykýaň,
Çünki ýalan goralýar,
Gerek ol köp adama,
Dogryny depele, ur, öldür, geçir,
Emma ýalan ýalan diýen adamyň
Ogul-gyzy, agtygyndan ar alýar...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024