Hakydadaky halk
Huşy giden ejesini,
tanamaýan bolsa-da hiç,
günde baryp, halyn sorap,
çaý-suwyny berýän elin,
goňşyň ýaly, ýat illerde,
sen halkyňy unutmarsyň,
goý, unutsyn özi onuň,
adyň çykman hiç gazetde,
tanyş-niliş, dogan-gardaş,
gorkusyndan, ýa başga zat,
hat ýazmasyn ýeke hatda,
aljyrandyr, pahyr diýip,
sakla iliň ýüzün ýatda...