Çyn söz
S.D.
Çyn sözi hemmeler aýdyp bilmeýär,
Sebäp onuň bahasy bar, bermeli.
Hemme çyna tarap gaýdyp bilmeýär,
Çünki ony götermeli germelip,
Daga-daşa urup gara başyňy;
Çyny hemme görüp bilmez düýşünde,
Aýtmak däl, hyýala getirmez köpler.
Çyn däl bukup, ýeke iýmek aşyňy,
Ýa mertlik däl merdi ýykmaklyk köpläp...
Çyn sözi hemmeler getirmez dile,
Çünki özüň sap bolmaly çyn üçin.
On ýyl ýalan sözläp, on ýyl ogurlap,
Işden kowlup, bolup bolmaýar çynçy!
Çyn sözi hemmeler aýdyp bilmeýär,
Gaýtargysyz, ilim diýip ýürekden.
Hemme çyna tarap gaýdyp bilmeýär,
Berk ýapyşyp eklenç atly kürekden,
Adam ikiýüzli ýaşaýar, dymýar,
Diýmeýär hiç diýmelini wagtynda,
Ýöne çyn ynsany güneş deý çoýýar,
Çyn bolmasa, şa oturmaz tagtynda,
Ýa güller açylmaz, saýramaz guşlar,
Çyny hemme aýdyp bilmeýär, emma,
Ony öldüribem bolmaýar daşlap.
Dogry, çyny saklap bolar birsellem,
Ýa bir pursat egläp bolar galjagy.
Ýöne otuzowlar, gurbanbibiler,
Ballyýewler sapak dälmi aljaga?
Çyn sözi hemmeler aýdyp bilmeýär,
Çünki ýalan göräýmäge ölmesiz.
Hemme turup çyna gaýdyp bilmeýär,
Şeýdip ýalan ýykýar ili galmasyz...
(Goşgy "Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
()