Uranyň ýasy

Edil düýn ýalydy, Saparmyradyň
temegine ýel düşeni, aýdylan
dogry sözi duşman bilip özüne,
küşgürip KGB nökerlerini,
Seýitmyrat ogly Serdary, soňra
bolşewik türmesin ykbal edinen,
ýazyjylar, iki günlük at üçin,
žurnalistler, lepbeýguly sürüsi,
Hudaýberdi Gurbandurdy,
Hudaýberdi Diwanguly, ýene kim,
agzyna gelenin aýdyp, jabjynyp,
goraýan kän, azlyk däldi ýalany,
indi terror, belki, diräp petige,
awy bolup ili talap alany,
haýdap guran metjidinden çekinýär,
çekinýär ol hajylardan, KGB
güwä geçip, saýlap ýapan bolsa-da,
korrupsiýa tamdyryna, gyzanda,
sebäbi aç oýlanmaly ölmese,
näçe busup, bilmezlige salsa-da,
bu mydama şeýle, atly, ýaragly
tala ili, halyfat gur, ahyry
soňy gelýär, ýykylanlar dikelýär,
yza galan öňe geçýär birdenkä,
täç geýeniň täji bolýar belasy,
edil düýn ýalydy, aýdan uruldy,
indi, meger, uran tutmaly ýasyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024