Gerekmejek gürrüň

Okamasaň ýazan zadyn başganyň,
aýdyp durmak gerekmikä ýüzüne,
şeýle-de bildirer agzyň açaňda,
okaýanyň, okamadyk zatlaryň,
barmy şindem, ýa alyndy atlaryň,
ýa jaý saldyň ýat illerde iki, üç,
ýa ýazyjy bolan bolup, ogurlap,
onuň, munuň ýazanlaryn ulanýaň,
eýlesini, beýlesini üýtgedip,
kim bolaňda näme göýdük niýetiň
ýüzüňden, sözüňden bolýarka aýan,
ýykylan çukuruň, hapasyn onuň,
niräňe çen basan, näme boljak soň,
bilmek islemseň, kesekä nämä,
gürrüňini etmek gerekmi asla,
suwa ýetmän düýbi deşilen gämiň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024