Gulak as

Sen adama gulak assaň, diňleseň,
gözlerine siňe bakmak hökman däl,
sözlerine siňe baksaň ýeterlik,
bütin üşügine, düşegine çen,
maşynyna çenli kirini ýuwýan,
görkezer ol biraz azar bermeseň,
aýdar açyk kimdigini gürrüňsiz,
geçen ýolun, begenjini, gynanjyn,
buýsanjyny gürrüň berer, çuňlugyn,
telperligin görer ýaly obada,
suwa düşen güzerleriň mysaly,
düşündirip nämä garaşyp bolar,
erteki gün, başyňa iş düşende,
ýa-da günüň gowy bolsa azajyk,
göçen, göçjek göçümini geljekde
aýdar adam, özi bilmän kartyny
açar saňa, ynha, elimde dama,
altylyk bar, ýedilik bar diýer ol,
diňle ony, ýetim bolsa ýetmişde,
soňy gelmez açlyk bilen iýer ol.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024