Ýadaw şahyr

O gün biri, ösen ýurtda, ýazypdyr,
argyn diýip ýetip gelýän günlerden,
gijelerden ýadaw diýip, ejizläp,
ýadadym diýipdir hepdelerden men,
gelen däl-de, indi geljek hatarlap,
ýadadym diýipdir aýlardan adam,
geçen ýaly jeňňeligiň içinden,
geçmeli, barmaly indiki aýa,
ýyllardanam ýadaw diýipdir, pahyr,
indi geljek, ýaşamaly güzapda,
çydam edip ýalan-ýaşryk geplere,
gürrüňlere, käte ýok edýän ahyr...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024