Magtymguly ýalançymy, diýipdir:
"Sabyrsyz gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar",
bile-göre garaşanlar ahyry
boýun alýar, ajap eýýam gelmeýär,
öz-özünden, näçe gowy bolsaň-da...
Birleşdirmek bölüneni akylla,
gowy bolsa päl-niýeti, maksady,
uly-kiçiň bähbidini araýan,
başartmaýar aňsat-aňsat, bu belli,
ýöne samsyk, ýa-da açgöz, oýnatgy,
eli gelip, wagty gelip kä zaman...
Meniň sylan il-ulusym ýaşlykdan,
bilmän näme il diýilýän aslynda,
ne özüni sylap bildi il bolup,
ne başgany, etseň artykmaç gürrüň,
galmagal kän, gykylyk kän, manysyz,
düzetjek kän özgeleri, özün däl...
Maňa batyr diýjek boldy birisi,
has dogrusy, diýdi arslan ýürekli,
ýok, beýle däl, garşy boldum bu öwgä,
boýun aljak, ýylgyrsa-da gulagym,
o nähili diýdi tok diýlen towgy,
biz dymýarkak, berk ýumýarkak gözümiz...
Sen syýasy tussag bolsaň ozalky,
otdan geçip, suwdan geçip, ýaraly,
ýat illerde süýräp ýören süýegin,
ýurt daşynda, biçäre däl içinde,
edýän işin başarmadyk öwrenje,
ynanmaýan göreşine, aýlygy...
Hippokrat aýdanmyşyn hassany,
bejermäge başlamazdan öňürti,
soraň diýip ondan ozaly bilen,
taýýarmy ol owal-başda özüni
hassa eden ähli zady goýmaga,
terk etmäge gylyklaryn bolgusyz...
Olar seni ýigrenerler,
pikir edip bilmedigin
pikir edip, aýdyp bilseň,
hanlaryna göni bakyp,
ýazyp bilseň isläniňi,
gaýdyp bilseň soňra çykyp...
Sen rehim edýän wagtyň,
gol uzadyp entän güni,
baryň berip, ýoguň aýdyp,
gowşak, ejiz gören bolar,
gülen bolar saňa daşdan,
bolar seniň degeriňi
Bu tapmakmy, ýa ýitirmek özüňi,
öz suratyn özi alýan adamlar,
öz-özüni jübä salýan adamlar,
soňra satýan öz-özüne ozaly,
iň gymmatly haryt ýaly, köpelýär,
ýöne olar bilýär suratlar başga...
Agyrdylan, ynjydylan adamlar,
az ynanýar öňküsinden adama,
ýa ýitirýär ynanjyny büs-bütin,
olar pikir edýär elmydam artyk,
müňkür bolýar, sorag edýär özüni,
KGB-niň işgäri dek, aýlyksyz...
Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.
Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.
annagurban.com copyright © 2006-2025