Surat

Il we bahyllyk

Adam sorady:

- Bilýäňmi, adamlar näme üçin bileleşip, gowy durmuş ugrunda dürs göreşe çykmaýarlar?

- Gowy durmuş näme, ilki şuny bilmeli. Soň dürs göreş näme, ony bilmeli...

- Iň samsygy diýmeseň, adamlaryň köpüsi bu diýýän zatlaryňy senden-menden gowy bilýär.

- Onda gorkýan bolmasalar...

Ol ýene sözümi böldi:

- Olar para bermekden, para almakdan, başga her hili bikanunçylykdan, ýalan sözlemekden, hatda hudaýdanam gorkanoklar.

Men näme diýjegimi bilmän dymdym. Ol dowam etdi:

- Beýle sada bolma, bir-birine gowy durmuşy rowa görenoklar, şondan adamlaryň gowulyk ugrunda bileleşip göreşmeýäni. Olar göreşýäniň hem ýeňmegini, hatda aman galmagyny hem islemeýärler. Tersine, daşlaryna çykarmasalaram, içden ýykylmagyny, öldürilmegini dileýärler. Bu ýerde başga sebäp ýok.

- Aý, edil beýle däl bolaýmasa?

- O näme üçin edil beýle däl bolaýmasa? Hut şeýle şul!

- O-how, gowy durmuş ugrunda göreşýän ýeňse, biraz gowulyk köp bolar-a! Durmuş öňe gider-ä! Özleri bolmasa-da, şol seniň bilkastdan göreşenok diýýän adamlaryň çagalary gowy durmuşda ýaşar-a?

- Wah, olar şol çagalaryna-da gowy durmuşy rowa görenoklar-da! - Adam stol ýumruklap gygyrdy. - Bahyl üçin çagasy ýa keseki ýok, ol hiç kimiň özünden gowy ýaşamagyny islänok. Şuny bilmeýän bolsaň, sen bahylyň derdine düýpden düşünip bilmersiň. Diýmek, il derdine-de düşünip bilmersiň.

- "Il bir umman" diýýärler-ä?..

Ol başyny ýakady:

- Başlama ýene! Umman bolsa, munça ýyllap guran jaryň hanasyndan akarmydy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024