Ýat ildäki söhbet

“Öňden giden ölýär - diýdi arkadaş,
- yzdan giden diri galýar, ýaşaýar.
Ýiti gyzyl solýar - diýdi arkadaş,
küti bolan öýüne zat daşaýar.

Byrah - diýdi - dogrulygy, mertligi,
hile-aldyr, hapalykdyr bu ýerler.
Dünýe söýer kellesizi, artlagy,
egilmezi üýşüp-üýşüp döwerler.

Eýi ynsan gidýär - diýdi arkadaş,
- eýi däller howlamaýar gitmäge.
Ýola çykan ýitýär - diýdi arkadaş,
- endik edin ütdürmäge, ütmäge.

Parh etmez hiç almanlygy, türklügi,
kendiňi bil, dem al - diýdi arkadaş.
- Ne poh dünýäň horazlygy, kürklügi,
şu günüňe gomal - diýdi arkadaş.

- Iki döwüm ekmek üçin epilip,
ýele-toza galgap duran gamyşdyr;
ynsan ähli eýilikden çekilip,
yrlan günüň gözüň-başyň gamaşdyr.

Haýat üçin, ah, nämeler edilmez,
bir dem ýagşy ölüp-ýitip gidenden.
Muňa gelip, yrza bolup gidilmez,
hak gorasyn azgynyndan, gedemden...

Kimse söýmez eýi bilen ägirdi,
ownuk-uşak geçgel olar, hakly bor.
Pesiň, pisiň çakdan çohdur şägirdi,
parasy bar - hukugy bar, akly bar...

Saddamlaryň soňy gelmez, tükenmez,
misli baky akyp ýatjak çaýyňdyr.
Eýi bolsaň, uly-kiçi çekinmez,
küti bolsaň, eliň öper haýynlar.

Eýi olma, kütel - diýdi arkadaş,
- eýi olsaň dogan-gardaş iýjekdir.
Küti olsaň tükel - diýdi arkadaş,
- hemme şonda sylajakdyr, söýjekdir...”

“Çoh teşekkur - diýdim - pendiňiz üçin,
edip bolsa, oňa ýetes näme bar?!
Özümiz dert olduk kendimiz üçin,
indi ne hal, ne-de kürek, gämi bar.

Ah, bu akly alyp bilsem, başarsam,
munça horluk, gara göpgi gerekmi?
Aňly iliň aňy-başyn çaşyrsaň,
Ne öň, ne yz, haýat görmez derekli!..”

A soň diýdim: “Bolýar, biz-ä ýaş bolan,
sen bir dana, ne ýapýaň ýat illerde?”
Balkyldady gara gözi ýaş bilen,
suwy giden derek ýaly süllerdi.

“Ne ýapýan, kendimi ataşa atyp,
kebap ýapýan haýatymdan, tenimden.
Köňlüm onda, jeset munda gartaşyp,
sergerdan men çakym çykman çenimden...”

4.04.00

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024