Surat

Gyzymyň çeken portretiniň öňündäki oýlanma

30 ýaş nirede, 54 nirde,
nirde türme, töhmet, ýurduňdan gaçmak,
çagalarňy alyp, ýat, alys ile,
soň bagtyň getirip 15 ýyl soňra,
Watana dolanmak, açylyp gapy,
eneň mazaryny göz bilen guçmak,
aglamak sessiz,
ataňdan üzür dilemek,
salama gelen illeri
salmak ýürek törüňe,
alyp gitmek üçin uzak ýollara,
soň agşam başyňy goýup ýassyga,
ýurtda galyp bilmejegňe düşünmek,
ýurtda ölüp bilmejegňe düşünmek,
ýat, keseki bolmak il diýip ugrap,
gyzym, seniň çeken suratyň meni,
döken ýaly boldy öňüme dograp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024