Olar özün beren bolsa özünden

Olar özün beren bolsa özünden,
olar özün alyp galmadyk bolsa,
saklajak bolmadyk bolsa bir zerre,
ýa-da gorkan bolsa özi bolmakdan,
geçen bolsa özi bolup galmakdan,
hemem diňe zeýrenseler ikiçäk,
çola ýerde, galan ýerde ýaşmakly,
pürençekli gezseler,
sen olara özün berip bilmersiň,
gaýtaryp getirip bilmersiň öňki,
azajygam bolsa erkin günlerin,
olar özün beren bolsa özünden,
sen şem bolup, kowjak bolma tünlerin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024