Surat

Gizlin iş

Olar bilýär edýän işin,
ýa-da ozal näme etdi, ýaratdy,
kimi, nirde itekledi öňe ýa
yza çekip, bar pişesin şer etdi;
olar bilýär nirä barýanyn hemem
nireden gelýänin, belki,
eger başga ýagdaý bolsa,
edil beýle bolmazdylar,
ýa başda edenem bolsa,
goýardylar bu işi,
adam ýaly ýaşardylar,
emma indi giç bary,
şonuň üçin bir-biregi iýýärler,
bir-biregi jaýlaýarlar ölmäkä,
soň bir-birniň mazaryna siýýärler,
ölenleriň ogly-gyzy duşanda
ýylgyrýarlar ýasama,
hem ýalandan aglaýarlar,
ýatlan bolup kärdeşi,
bu täzelik ýa açyş däl,
owal-ahyr pesiň işi,
pişesi bu iki ýüzliň,
olar bilýär edýän işin,
bu bolmady hemem bolmaz
herne ýaşyr, asla gizlin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024