Surat

Gep, mesele...

Honesty is very expensive gift. Do not expect it from cheap people. Warren Buffet

Özüň arassa bolsaň,
otnositel, elbetde,
özi hapa ýa-da bahyl
näme diýende näme,
atanda nä her töhmeti,
işden kowup bilmese,
basyp bilmese türmä,
asyp bilmese dardan,
kesip bilmese diliň,
gysyp bilmese ýolda,
ýüregiňi bulatma,
çekilse-de käbirleri,
gorkup gepden-gybatdan,
ýa bolmasa at-derejäň,
ýalan-ýaşryk ýa amanat berilýän,
goşmasalar sanawyna,
gynanma;
gep, mesele birleriniň
beren ady däl munda,
bolsa-da at, baýlyk moda,
gep, mesele tämizlige
çalyşmasy adamyň,
il gözüne aklyk däl,
öz öňüňde şübhesiz,
ikiliksiz ýaşamak;
Gep, mesele aklanmak däl
günä edip ýa-da etmän,
ýa ýazmak däl özüň öwüp,
öwdürmek däl satylana,
eger tämiz bolmasaň,
kim nädip öwende näme,
ýelmände nä haýsy ada,
çynyň ýetmedik ýerinde
heý, ýalan ýetermi dada?
Mesele dowzah däl onda,
dirikäň ýanmazlyk oda!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024