Surat

Portret üçin çyzgylar

Oňa hiç zat bilmeýän,
düşünmeýän hiç zada,
ýa-da düşünmedik bolýan,
aldanan hem talanan,
garyp düşen adamlara,
"beýik" diýdirmek gerek,
diýdirmek gerek "uly",
sebäp kiçidigin bilýär,
emma baglap sagy, soly,
aldanany aldap ýöntem,
teselli berip özüne,
wagt utjak bolýar biraz,
beter boldukça haly,
derdi agyr, gutuljak däl,
çünki şöhradyň guly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024