Surat

Özüňdäki hak

Ýaradan taňryny, hudaýy, haky
metjitden ýa ybadat
öýlerinden gözleme,
adamdan agtarma bende,
egilip-galýan günde,
bäş wagtyny sypdyrman,
ýa-da agzyn bekleýän,
hemem aýdýan her öňünden çykana,
agzyny bekleýänin,
täretli ýa däldigin,
goý, kim diýsin özüne,
ýa kim bolup görünmek ýa tanalmak
islesin ol, çyny bilen delminip,
dil bir öl ýere bitendir,
göwün bolsa Kap dagynda hemişe,
kimiň kimdigini diňe ýokarky,
ýaradan bilermiş ilik-düwme, bek,
sen adamda özün öwýän
hak-hudaýy görjek bolma,
gül göwnüňi, hudaý beren,
mala, dünýä çalyşyp,
ilki kalbyň mal ýataga öwürme,
gözleme sen haky gyssanan günüň,
gorkan günüň has beter,
özüňde öldürip ilki,
durman hakykatyň yzynda bir gün,
sen taňryny başga ýerden gözleme,
agtarma edeňsoň sürgün,
özüňde goraman ozal,
seni ýaradanda taňry,
düzen ýaly goşgy, gazal,
arzuw bilen döreden,
hemem islän ulalyp,
haka ýaran bolarňy,
hemaýat bererňi ejiz, ezilen
bendesine taňrynyň,
sen allany başga ýerden gözleme,
öz-özüňi öwüreňsoň gedaýa,
ýa gowusy dolanjak bol, geljek bol,
birigjek bol özüňdäki hudaýa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024