Surat

Gapyny kim kakýar?

Gapyny kim kakýar,
kim gelýär bize,
ýa-da kim hiç çykarmaýar ýadyndan?
Ol duşman däl, içi dogmaz oglanly,
ýa-da dost däl, amatyna garaşýan,
garyndaş däl, arkadaş däl, goňşy däl,
ýa-da bir ötegçi teşnemidir aç,
ýa hassa däl dermanyny agtarýan,
ol hakykat, uly ýa-da ulaljak,
hemem dogup-döräp ýykylman barýan.

Dogry, ony ýykan ýaly edýärler,
ýa kowýarlar kän it salyp yzyndan,
ýa gapyny açmaýarlar gelende,
ýa-da gowy myhman alyp, içirip,
kisesin dolduryp dürden, göwherden,
adam ýaly, azdyrarys diýýärler
ýa-da tutup, çukur gazyp dyzyndan,
aýagna daş daňyp, gömýärler gowy,
gaýtsyn diýip biraz murtunyň towy,
a soň, il gözüne, goýberen bolup,
akyly gözünde bolar ýalaky,
daşyna kän çyzyk çekip goýýarlar,
hakykaty hiç sygdyrmaz haýýarlar...

Emma ketçal hakykat,
ýüzi galyň Hytaý diwarlaryndan,
kim kän ejiz bolsa kabul etmäge,
hemem ret etse boýdan-başyna,
gapysyny kakar durar her agşam,
wah-wah, awy goşar bendäň aşyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024