Terjimämi ogurlasalar – begenýän

1980-nji ýyllarda, “Edebiýat we sungatda” işleýän wagtym rus dilinde okap, gowy gören zadymy, başarsam, derrew türkmençä geçirjek bolardym. Bu bir tarapdan öz güýjüňi yzygiderli synap görmek ýaly bir zatdy. Sebäbi terjime ozaly okalan zada düşünmegi, soň ony öz derejsinde başga bir dile geçirip bilmek başarnygyny talap edýärdi.

Bir gezek, Propsper Merimäniň bir hekaýasyny terjime edenimden soň, kärdeşlerimiň biri gapydan boýnuny uzadyp, "Terjimäň çykan gazeti alyp, Karl Marks kitaphanasyna gitdim, Prosper Merimäniň kitabyny alyp, terjimäňi originaly bilen deňeşdirdim, külüňi çykarjakdym, ’bujagaz oglan kim, Prosper Merimeden terjime etmek nire?’ diýipdim, emma gowy terjime edipsiň, sag bol" diýdi.

Emma terjime eserlerine “haltura”, gazanç üçin edilýän mejbury iş ýaly garalýan halatlary hem az däldi. Megerem şondan, kärdeşlerimiň biri terjime eden hekaýa-beýlekim çap edilende, her gezek diýen ýaly, “Hä, ýene terjimejik etdiňmi?” diýip, başyny ýaýkardy.

Ol kärdeşim maňa terjimä wagt ýitirmän, öz zatlarymy ýazmagy maslahat berýärdi. Emma men gowy gören zadymy derrew okaýan, emma rus dilindäki neşirlerden habarsyz ildeşlerim bilen paýlaşmak islärdim.

Bu endik soň, rus dilinde okamagy bes edip, iňlis dilinde okamagy öwrenemde hem saklanyp galdy. Men delje gören, halan zadymy, wagt tapyp, derrew türkmençä geçirjek boldum. Elbetde, olary mümkin boldugyndan, asyl nusgasy bilen bile, internet arkaly, türkmençe okaýan ildeşlerime hem ýetirmegiň aladasyny etdim.

Bu terjimeler häzir esli boldy we men wagt tapsam, olary jemläp, terjimeler çemeni görnüşinde, internet arkaly türkmen okyjylaryna tutuşlygyna hödürlemegiň hem pikirini edip başladym. Sebäbi, her näme-de bolsa, bu bir edilen iş we adamda öz eden haýyr işinden, pul tölenmese-de, ’sagbol’ aýdylmasa-da, lezzet almak duýgusy bar...

Ýöne soňky wagtlar ol terjimeleriň onda-munda ogurlanyp çap edilýändigini eşidýärin. Dostlarymyň biri şeýle ogurlyklaryň internetde çap edilen ýerlerini hem iberip durýar.

"Bu bazar zamany, wagt - pul, wagtyňy ýele sowrup ýörme, adamlaryň derejesini görýäň-ä, başga biriniň eden terjimesini çeşmesini görkezmän paýlaşyp, özleri hil bir iş eden kişi bolýarlar" diýip, dostum ýazýar.

Sowet döwründe ýazyjy-şahyrlar eger başga biriniň iki setirini “çilse” ýa birine öýkünip, ozal ýazylan zada çalymdaş bir zat ýazsa hem, derrew edebi ogurlykda aýyplanardy. Ýöne indi, internet asyrynda, türkmenlere dahylly internet meýdanynda diňe terjimeler däl, käte original eserler hem ogurlanyp, başga bir adamyň ýazan eseri görnüşinde çap edilýär.

Aýdym-saz, suratkeşlik-heýkeltaraşlyk, hatda aşhana-nahar medeniýeti ugurlarynda hem şeýle ogurlyklaryň köpelip, adaty zada öwrülip barýandygy aýdylýar. Görnüşinden, bu aýyp zatdyr hem öýdülmeýär. Belki, bu biziň milli medeniýetimiz bilen bagly bir zatdyr.

Ýöne bir gezek feýsbukda başga biriniň öz goşgyma eýe çykanyny görüp, “meniň goşgymy alaýypsyň-la” diýip ýazsam, goşgy ogrusy ötünç sorady. “Meni gaty utandyrdyň” diýdi. Men şondan soň goşgymy ogurlasalar hem, utandyraýmaýyn diýip, görmedik bolýaryn, emma gynanýaryn.

Emma terjimämi ogurlasalar, beýle gynanyp duramok, biraz begenýärin. Sebäbi bu, her näme-de bolsa, origanal eseriň ogurlanyndan gowurak...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024