Surat

Ýazyjylaryň söwdasy

Adam aýtdy:

“Hakyky ussadymyz Magtymguly däldi, Maksim Gorkidi. Okaýan uniwersiterimiz Gorkiniň adyny göterýärdi, onuň eserlerini, edebiýat hakynda aýdanlaryny ilik-düwme öwrenýärdik, professorlarymyz sosialistik realizm ýörelghelerini beýnimize guýýardylar. Soň-soň bildik, Maksim Gorkiý Stalin ‘näme gerek?’ diýip soranda, Moskwanyň golaýyndan, tokaýyň içinden we derýanyň boýundan daça berilmegini sorapdyr. Şeýdip, sowet ýazyjylarynyň Peredelkinodaky döredijilik öýi, aýry-aýrylykda gurlan daça jaýlary döräpdir. Elbetde, Stalin bu hyzmaty mugtuna ýa ýazyjylary gowy görüp etjek däldi... Biziň halypa, ussat saýan ýazyjylarymyz Stalin bilen söwda edip, millionlap gyrlan ildeşleriniň nähak dökülen ganyna göz ýumup, täze döwrüň edebiýatyny döretmäge synanypdyrlar. Olar muny edebiýatyň, öz senetleriniň hatyrasyna däl, aman galmagyň hatyrasyna edipdirler. Haýp, bu ýagdaý 91-nji ýylda-da gaýtalandy, Nyýazow biz bilen Staliniň oýnuny oýnady, ‘ýazyjylar maňa gerek’ diýdi we Berzeňňiniň ýokarsyndan daça, bag ekmek üçin ýer berdi. Dogry, soň ol bu ýeri yzyna aldy, emma ýazyjylar halk halyna göz ýummakdan yza çekilmediler.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024