Her kimiň öz türmesi bar

Durmuş uly mekdepdir, çarkandak-çatagyndan dönmeseň, adamy kitap ýaly, onda-da çagalar üçin taýýarlanan köp suratly, az sözli kitap ýaly okamagy öwreder. Ýöne ýol geçseň, temegiň ýa burnuň galmaz, gitdigiçe gara ýere meňzärsiň. Onsoň bir gün seniň geçen ýoluň ýüzden birini geçmedik biri öňüňden çykar, temegi ýop-ýokarydyr. Emma zat diýmersiň, geçirimlilik edersiň. Ol ters düşüner, has eseler. Çydarsyň, sypaýyçylyk bilen, hem sözde, hem edim-gylymda öz niýetiňi, pikiriňi düşündirjek bolarsyň. Bolmaz. Ol üstüňe sürner. Çydarsyň. Soňabaka has samsykdyr öýder. Göz ýumarsyň, käse döwen çaga ýaly soraga çeker. Bildirmän sesiňi ýazar, sorag edýän wagty wideo düşürer. "Sen kim, näme, nireden geldiň we nädip bu ýollary geçdiň, nädip aman galdyň?" Içindäki uly müňkürligi diline getirmän, hem sadasyrap, hem gomalyp, daşyňa çöp aýlan bolar. Gynanarsyň. Sebäbi sen onuň kimdigini, nireden gelenini we nirä barýanyny, niýetiniň başdan näme bolandygyny we şindi nämedigini bir sorag bermän bilýänsiň. Emma ol bilmeýän zatlaryny bilýändirin, seniň aňryňdan aýlanýandyryn öýder... Wagt - beýik tebipdir. Gynanjyň geçer, gülkiň tutar. Emma gülmersiň, adamyň göwnüne degmäýin diýersiň. "Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz" diýlenidir. Başgalaryň salan türmesinden çykyp, öz niýet-päliniň türmesinden çykyp bilmeýän adama söz zaýalamak artykmaç, emma özüňem şolsuň: sentimallykdan düşen türmäňden çykyp bilmen oturansyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024